Söwda bölümi

Halkara Dostluk hususy kärhanasynyň ýene bir ugurlarynyň biri mermer we granit söwdasy bolup durýar. Kärhanamyz 10 ýyl bäri Gresiýanyň import önümi bolan “Thassos” markaly mermeri Türkmenistan getirmek bilen meşgullanýar.

“Halkara Dostluk” hususy kärhanasy mermer we daş önümleriniň söwdasy boýunça halkara kompaniýasy bolup durýar. Biz Gresiýanyň brend önümi diýilip atlandyrylýan“THASSOS” markaly ak mermeri Gresiýa bilen gönümel işleşmek arkaly amala aşyrýarys. “THASSOS" markaly mermerileriň ähli görnüşleri ölçegleri boýunça daňy (palet) görnüşinde getirilýär. Soňky 10 ýylyň dowamynda biziň kärhanamyz, alnyp barylýan iri taslamalary mermer we daş önümleriniň dürli görnüşleri bilen üpjün etdi.
Siz, biziň kolleksiýamyza seredip, mermer we daş önümleriniň özüňize mahsus bolanyny saýlap alyp bilersiňiz.

Halkara Dostluk hususy kärhanasy, ýokary hilli “POLCHEM” markaly mebel boýagynyň Türkmenistandaky resmi wekilidir. Mebel önümçiliginde ulanylýan agaç önümleriniň boýag işlerinde sellulozik sistem, akril sistem, poliuretan sistem, we ş.m. boýaglarynyň we goşundylarynyň, giň assortimentini Size hödürleýäris. Öz tejribämize daýanyp, size dürli görnüşli ýokary hilli reňkleri saýlap seçmeklige we siziň talabyňyzy kanagtlandyrmaga kömek edip bileris.

Halkara Dostluk hususy kärhanasy, “ALUTECH SYSTEM SERIES” markaly alýumin profilleriniň ahli görnüşini öz müşderilerine hödürleýär. Bu sistem babatynda hödürlenen harytlar, getirilen her tapgyrda inženerler tarapyndan synagdan geçirildi we ýewropa ölçegleriniň talabyna gabat gelýändigi tassyklanyldy. Müşderileriň talaplaryny kanagatlandyrmak üçin gurnamak we sarp ediş maglumatlar barada tehniki goldawymyzy gaýgyrmaýarys.