bölüm

Syýahatçylyk

HD Travel Agency Sizi Türkmenistanda – Merkezi Aziýanyň gadymy medeni merkezinde garşylaýar. Bu syýahatçylyk syýahatçylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrýar. Türkmenistanyň taryhy kökleri bilen asyrlaryň jümmüşine gidýär. Tejribeli ýolbelet Parfiýa Patyşalygy – Assas Birinjiniň hökümdarlyk eden döwürlerinde gurlan, bu Dinastiýanyň Hökümdarlary ýaşan we öz rahatlygyny tapan paýtagty Nusaý şäheri barada aýdyp berer. Horezm-Şahlarynyň Imperiýasynyň taryhy bilen, zoroastrizmiň Watany – gadymy Merw bilen tanyşdyrar. Siz bäşinji siwilizasiýanyň Merkezini – Margianany – ýaşy 5000 ýyla golaý bolan Marguş şäherini görersiňiz. Türkmen adatlary, ýaşaýyş ýörelgeleri bilen tanyşarsyňyz, türkmen halysynyň owadanlygyny we nepisligini, ahalteke atlarynyň ajaýyplygyny görüp lezzet alarsyňyz. Garagum çölündäki ägirt uly, ýanyp duran gaz krateriniň kuwwaty sizde täsir galdyrar. X-XII asyrlaryň Horezm imperiýasynyň paýtagty Köne-Ürgenç (Köne Ürgenç) galasyna bararsyňyz. Gadymy şäherlerden başga, siz Aşgabada, Merkezi Aziýanyň iň owadan we häzirki zaman şäherine bararsyňyz.

“HD Travel agency” ýaly hem belli bolan, “Halkara Dostluk” kompaniýasynyň syýahatçylyk bölümi dünýäniň ähli ýurtlaryna wizalary resmileşdirmegiň hyzmatlaryny teklip edýär we daşary ýurtly myhmanlary (syýahatçylyk toparlary bilen) Türkmenistana çagyrýar. “HD Travel agency” daşary ýurt raýatlary üçin Türkmenistanda dynç almak boýunça syýahatçylyk hyzmatlarynyň doly spektrini hödürleýär:

  • çakylyklary resmileşdirmek;
  • naharlanmak doly pansion;
  • 3*, 4* we 5* myhmanhanalarda ýaşamak;
  • ulag hyzmatlary;
  • ekskursiýa hyzmatlary;
  • ýokary hünärli terjimeçi ýol beletler;
  • folklor şou (milli tanslar we aýdymlar).

“HD Travel agency” ýerli we daşary ýurtly raýatlar üçin çykyş turlary teklip edbýär: Hindistan, Russiýa, Azerbaýjan, Özbegistan, Gazagystan, Täjigistan, Eýran, Belarus, Türkiýe, BAE, Maldiwler, Wýetnam, Singapur, Indoneziýa, Ýaponiýa, Malaýziýa, Ýewropa ýurtlary, şeýle hem aşakdaky hyzmatlary hödürleýär:

  • çykyş wizalary resmileşdirmek;
  • ähli ugurlar boýunça awia peteklerini satyn almak;
  • bütin dünýäde myhmanhanalary bron etmek;
  • ulag hyzmatlary;
  • maşgala we plýaž dynç alyş, şeýle hem ekzotik turlar;
  • Ýewropa boýunça awtobus turlary;
  • siziň islegiňiz boýunça islendik ugurda şahsy tur gurnap bileris;
  • ätiýaçlandyryşy resmileşdirmek.
Türkmenistanda gezelençler

Türkmenistanda gezelençler

Daşary ýurt gezelençleri

Daşary ýurt gezelençleri