bölümi

Gurluşyk

“Halkara Dostluk” HK-nyň gurluşyk bölümi senagat, raýat we dolandyryş binalaryny gurmak üçin taslamalary durmuşa geçirýär.

Gurluşyk-bu ylymdyr. Bir seretseň, çylşyrymly zat ýok ýaly bolup görünýärmi? Binýady ýasadylar, diwar gurdular, üçegi galdyrdylar, taýýar! Ýöne bu seredäýmäge şeýle .

Aslynda birnäçe gurluşyk tehnologiýasy bar, olaryň hersiniň öz artykmaçlyklary we kemçilikleri bar. Gurluşyk sebtine, topragyň aýratynlyklaryna we desganyň niýetlenen işleýşine baglylykda olaryň hersiniň öz artykmaçlyklary bolar.

Toplumlaýyn çözgütleriň artykmaçlyklary

Önümçiligiň ösüşden başlap işe girizilmegine çenli ähli etaplardaky ähli işleri kompaniýanyň özi amala aşyrýar. Bu bolsa çykdajylary ep-esli azaltmaga we sarp ediji üçin iň soňky bahany kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Bu çemeleşme sözüň doly manysynda aýdylanda – obýektiň, gurluşyk materiallarynyň we hyzmatlaryň bahasyny amatly ýagdaýa getirmeklige öz tasirini ýetirýär.

Häzirki zaman gurluşyk tehnologiýalary

“Halkara Dostluk” HK-sy gurluşyk işlerinde iň täze gurluşyk tehnologiýasyny ulanýar. Bu bolsa, çylşyrymly topraklarda howpsuzlygy ýokarlandyrýan ygtybarly binalary gurmaga, şeýle hem ýokary derejeli seýsmiki (ýer titremesine) garşylygy üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Hünärmenler topary – binagärler, gurluşykçylar, dolandyryjylar,dizaýnerler we başgalar – işiň hilini ýokarlandyrmak üçin, ähli öňde goýulan meseleleri çözüp, müşderilerimiziň talaplaryny kanagatlandyrmaklyga mümkinçilik dörederler.

“Halkara Dostluk” HK-nyň gurluşyk bölüminiň esasy maksady, müşderini ýokary hilli we doly gurluşyk hyzmatlary bilen üpjün etmek şu wagt we häzirki wagtda