bölüm

Ulag - Logistika

HalkaraDostluk – Türkmenistanyň ulag-logistika pudagynda öňde baryjy kompaniýalaryň biri bolup, ýük gatnawlarynyň çygrynda ýokary derejeli hyzmatlaryň bütin spektrini Size hödürleýär. Onuň üstünliginiň syry – elmydama kämilleşýän we gündelik guramanyň ösüşine öz goşandyny goşýan ýokary derejeli hünärmenleriň sazlaşykly topary.
Ulag-logistika bölümi öz işini kompaniýanyň düýbi tutulan wagtynda, ýagny, 2005-nji ýylda başlady. Bu ulgam boýunça gysga döwründe bize diňe bir ýük gatnawlarynyň sebitleýin bazarynda berkemek däl-de, eýsem onuň çäklerinden daşynda daşary ýurtly kompaniýalaryň arasynda ygtybarly we jogapkärçilik hyzmatdaşyň abraýyny gazanmak başartdy. Biz diňe bir Türkmenistanyň çäginde däl, eýsem GDA we dünýäniň dürli ýurtlarynda köp sanly şereketler, kärhanalar we logostika kompaniýalary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýäris. Bizde ulag ýük gatnawlaryny iri haryt öndürijileri, söwda korporasiýalary, lomaý üpjün edijiler we şahsy taraplar sargyt edýärler. Şu gün “HalkaraDostluk” kompaniýasy öz müşderilerine ýükleri ýokary hünärli getirip bermegiň çygrynda esasy we goşmaça hyzmatlaryň giň spektrini hödürleýär.
“HalkaraDostluk” kompaniýasy bilen ýükleri daşamagyň aýdyň aýratynlyklarynyň bir hatary bar:
Islendik Sargytça aýratyn çemeleşme
Ýokary hünärli, tejribeli hünärmenleriň hyzmatlarynyň hödürlenmegi: menejerleriň, logistleriň, ykdysatçylaryň
Ygrarly nyrh syýasaty
Ulag serişdelerini saýlamakda kömek etmek
Önümleriň, enjamlaryň we tehnikanyň standart däl modellerini daşamak, uly agramly ýükleri we gabarit dälleri daşamak
Getirmegiň iň optimal we rasional ýol ugruny guramak

Hyzmatlaryň umumy bahasynyň we hyzmatdaşlygyň her bir tapgyrynyň deslapky hasaplamasy
Iň standart däl wezipeleri tiz çözmek we jogapkärçiligiň umumy konsepsiýasynyň işläp taýýarlamak
Islendik hünär meseleleri boýunça maslahat bermek
“HalkaraDostluk” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk – bu hünäriň ýokary derejesi, elýeterli nyrhlar we öz üstüne alnan borçlaryň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň kepili!
Logistika bölümi ýükleri ibermegiň we almagyň hyzmatlaryny we bütin dünýäde logistika hyzmatlarynyň taslamasyny hödürleýär.
Logistika hyzmatlarynyň diwersifisirlenen portfoliosy ýük gatnawlarynyň dolandyrylmagyny öz içine goşýar:
– Project cargo;
– Derýa gatnawlary;
– Konteýner hyzmatlary;
– Multimodal gatnawlar;
– Hazar deňzini bütin dünýä bilen birleşdirmek;
– Howa gatnawlary;
– Aşgabat howa menziliniň hyzmatlary;
– Port agentliginiň hyzmatlary;

Dünýäniň meşhur brendleri bilen göniden-göni işläp, iň täze tehnologiýalaryň kömegi bilen, ýük gatnawlaryny ýokary hilli amala aşyrmakda alada edýäris, bu ugur boýunça biz ýenede öňe gidişlikleri meýilleşdirýäris.

Авто перевозка
Авиа перевозка
Морская перевозка
Железнодорожная перевозка